Türkmenistanyň Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň düzümine girýän Hazar deňziniň günorta-gündogar bölegindäki suw-batgalyk ýerleri ýüzlerçe görnüşli guşlaryň, şol sanda seýrek duş gelýän guşlaryň gyşlaýan adaty ýerleridir.
Hazar goraghanasy 300-den gowrak dürli suw guşlarynyň mekany bolup durýar. Hünärmenleriň sözlerine görä, goraghananyň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň 70% mesgen tutýar.
Fewral aýynyň başynda suw-batgalyk ýerler hakynda halkara ähmiýeti bolan Konwensiýanyň (Ramsar konwensiýasynyň) kabul edilmeginiň taryhy senesi bilen baglylykda dünýäniň köp ýurtlarynda suw-batgalyk ýerleriň Bütindünýä güni bellenip geçilýär.
Goraghananyň düzümine girýän Ogurjaly adasy bu ýeriniň ýyly, mylaýym howanyň we iýmitiň bol bolmagy, aýratyn-da balyk awlaýan guşlar bolan çarlaklar, çärikler, uly ak jüptünler ýaly dürli görnüşli guşlaryň sürülerini özüne çekýär. Häzirki wagtda Hazarda ýüzlerçe görnüşli guşlar gyşlaýar, olaryň arasynda goraghananyň nyşany hasaplanýan gülgüne öwüşginli gyzyl gazlar köp – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Häzirki wagtda goraghananyň hünärmenleri suw-batgalyk ýerlerini, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Ramsar konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşuldy. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginiň suw-batgalyk ýerleri halkara ähmiýetli esasy çäkleriň sanyna girýär. Demirgazyk ýurtlardan uçup gelýän guşlaryň ýollary hut şu ýerlerden geçýär we Hazar kenarýakasy olaryň gyşlamagy üçin iň amatly ýer hasaplanýar.
Şeýle hem tema boýunça okap bilersiňiz:
• Bilermeniň garaýyşy: Ramsar konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň borçnamalary