Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýdaky süýşgünlerde otuz adam dereksiz ýitdi

09:2910.02.2025
0
15354
Hytaýdaky süýşgünlerde otuz adam dereksiz ýitdi
Surat: mir24.tv

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan ülkesinde geçen şenbede bolan suw süýşgünlerinde 30-dan gowrak adam yzsyz-sorsuz ýitdi. Bu barada CCTV teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Ülkäniň Szinpin obasyna aralaşan tebigy heläkçilikde onlarça öý süýşgün astynda galdy.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin ýiten adamlary gözläp tapyp halas etmek üçin ähli çäreleri görmek barada ýerli häkimiýetlere görkezme berdi.

Tebigy hadysanyň bolan ýerinde diri galanlar gözlenýär. Henize çenli iki adamy halas etmek başartdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň