Türkiýäniň maliýe ministri Mehmet Şimşek ýurtdaky hümmetsizlenmä garşy göreşe göwnüçökgün garaýar. Ol bu barada «TV100» teleýaýlymy bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «Report» ýazýar.
Ministr Hökümetiň hümmetsizlenmä garşy aýgytly göreşýändigini nygtap: «Biziň raýatlarymyz arkaýyn bolup bilerler. Biz düýpli çözgüt agtarýarys. Dünýäniň ähli ýurtlarynda-da hümmetsizlenmä garşy göreş wagt talap edýär» diýdi.