Türkmenistanyň ýygyndysy Harbindäki gyşky Aziýa oýunlarynyň hokkeý bäsleşiginiň üçünji tapgyrynda Hytaýyň Gonkong toparyndan 1:5 hasabynda ýeňildi. Ýekşenbe güni geçirilen oýunda türkmen toparynyň ýeke-täk şaýbasyny birinji döwüň 12-nji minutynda Aleksandr Wahowskiý geçirip, hasaby 1:2 etdi.
Oýnuň dowamynda döwler boýunça hasap 1:3, 0:2, 0:0 boldy. Üç oýundan soň Gonkong 9 utuk bilen toparyň tablisasyna baştutanlyk edýär, Türkmenistan 6 utuk bilen ikinji orunda gelýär. Tablisanyň soňunda heniz utuk gazanmadyk, ýöne bir oýun az geçiren Hindistan we Makao ýygyndylary ýerleşýär.