Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Geçen ýyl Türkmenistanda 5 müň 735 sany täze iş orunlary döredildi

20:0208.02.2025
0
23184

Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, halkyň tutanýerli zähmeti netijesinde Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi.

"Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy. Maýa goýumlar 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.

Şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyryň heýkeli, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, saglygy goraýyş maksatly halkara merkezler we beýleki desgalar ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini, şu ýylyň hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy.

"Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris" diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli diňe bir türkmen döwletiniň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagyň, ýylyň aýratyn möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň