Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Türkmenistanda iri önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi

12:5908.02.2025
0
21243
2024-nji ýylda Türkmenistanda iri önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi
Surat: mlsp.gov.tm

Türkmenistanda 2024-nji ýylda iri önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 86-sy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň, Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Bäherden, Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi, “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, “Daşoguz” elektrik bekedi, Aşgabat şäherinde “Bagtyýarlyk” suw arassalaýjy desgasy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly, Daşoguz şäherinde 70 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy we desgalar toplumy, ýurdumyz boýunça jemi 5 sany orta mekdebiň, 2 sany çagalar bagynyň binalary bar. TDH-niň habar berşi ýaly, bular barada 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri geçirmegiň, ylmyň, tehnologiýalaryň iň täze gazananlary esasynda senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalary döretmegiň möhümdigini belledi.

"Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini yzygiderli artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr" diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Himiýa senagatynyň kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak, täze kärhanalary gurmak işlerini-de güýçlendirmek wajypdyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda täze awtomobil ýollaryny gurmak, döwrebaplaşdyrmak, ýollaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda işleri dowam etdirmegi, şu ýyl açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň