Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2024-nji ýylda JIÖ-niň ösüşi 6,3 göterim artdy

12:5008.02.2025
0
29588

Türkmenistanda 2024-nji ýylda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 11 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 7,2 göterime, söwdada 10,1 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 12,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,1 göterim artdy. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. TDH-niň habar berşi ýaly, bular barada 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň 2024-nji ýylda milli ykdysadyýetde gazanylan makroykdysady görkezijiler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi hem-de 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy. Şeýle hem Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň taýýarlanylyşy barada-da hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynyň we şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamanyň taslamasynda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlar, Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça ýerine ýetirilmeli işler, durmuş-ykdysady ösüşiň, maýa goýumlaryň görkezijileri bellenildi. Şeýle hem ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň