Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Berkarar" SDAM-de iň gowy dükan üçin SMS-ses berişlik başlandy

12:2908.02.2025
0
55165

Aşgabatdaky "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezi öz içinde hyzmat etýän iň gowy dükany kesgitlemek üçin giň gerimli SMS-ses berişlige başlaýar. Indi müşderiler türkmen paýtagtynyň iň uly söwda merkezleriniň birinde ýerleşen söýgüli dükanlaryny saýlamaga mümkinçilik aldylar.

Ses berişlik şu ýylyň 28-nji fewralyna çenli dowam eder we oňa islendik adam gatnaşyp biler. Munuň üçin saýlan dükanyň ýörite kodyny ýazyp, 0530 gysga belgisine SMS ibermeli. Ses berlişige gatnaşyjylar dükanlaryň kodlary barada maglumaty https://turkmentv.gov.tm/vote/69 saýtyndan alyp bilerler.

Bu başlangyç diňe bir satyn müşderileriň arasynda söýgüli dükanlaryny kesgitlemek däl-de, eýsem söwda merkezine müşderileriň isleglerini has gowy öwrenmäge gönükdirilendir. Bu geljekde hyzmat etmegiň hilini we hödürlenýän harytlaryň hem-de hyzmatlaryň görnüşlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Bäsleşigiň netijeleri ses berişlik möhleti tamamlanandan soň jemlener we https://turkmentv.gov.tm/vote/69 saýtynda çap ediler.

"Berkarar" SDAM-i ähli müşderileri ses berişlige işjeň gatnaşmaga we öz söýgüli dükanlaryny goldamaga çagyrýar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň