Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 238-si bilen ýetirildi

12:2708.02.2025
0
27271

2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti resminamalaryň 238-si bilen ýetirildi. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri bilen bagly hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň 15-si Türkmenistanda döwlet, resmi, iş saparlary bilen boldular. Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary derejedäki wekilleriniň 39-sy Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu saparlaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 4 sany Kararnamasy kabul edildi.
2024-nji ýylda dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi geçirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi.

2024-nji ýylda daşary ýurtlaryň Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 30-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky 9 ilçisi, 2 konsuly resmi taýdan öz işine başlady.

Geçen ýylyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlaryň mejlisleriniň 14-si, işewürlik maslahatlarynyň, duşuşyklaryň birnäçesi guraldy.

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çäreleriň 180-e golaýy geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýändigini, ýurduň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

"Türkmenistan dünýä hem sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýygjam gatnaşyklary, ulag-logistika, ýangyç-energetika, suw we ekologiýa ugurlary boýunça netijeli işleri alyp barýar" diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birnäçe iri halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine göz öňünde tutulan çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň