Gyrgyzystanda diňe ýurduň Senasynyň sözleri däl, sazy hem üýtgediler. Munuň bilen baglylykda, Respublikada bäsleşik yglan ediler.
Bu barada ýurduň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçysy Timurlan Ažymaliýew Senany üýtgetmek barada toparyň birinji ýygnagynda habar berdi diýip, gyrgyz neşirleri ýazýar. «Maksat – halkyň taryhy mirasyny, medeniýetini we birligini şöhlelendirýän eseri döretmek. Bu işe kompozitorlar, şahyrlar, sazandalar we döredijilik toparlary çekiler» diýip, ministr nygtady.
Öň Senany üýtgetmekligi Parlamentiň ýolbaşçysy Nurlanbek Şakiýew teklip edipdi. Ol muny häzirki Senanyň Respublika ýaňy garaşsyzlygy gazanan wagty döredilendigi bilen düşündirdi. Şakiýewiň pikirine görä, täze Sena 2025-nji ýylyň apreline çenli kabul edilmelidir. Munuň üçin ýörite topar döredilip, Senanyň üç nusgasy taýýarlanar we olar Žogorku Keneşiň garamagyna hödürlener.