Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaşlar 2024-nji ýylda halkara bilim bäsleşiklerinde 1 müň 549 medal gazandylar

12:0708.02.2025
0
27445

2024-nji ýylda türkmenistanly okuwçylardyr talyplar halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandylar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewanyň gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri bilen bagly hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, garalýan döwürde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Ýokary okuw mekdepleri halkara reýting sanawlaryna girizildi. Bäsleşikler, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar guramaçylykly geçirildi.

Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliligi ýokarlandyryldy. “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň