Awstraliýaly syýasatçy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hormatyna adyny resmi üýtgetdi. Bu barada «Sky News» neşirine salgylanýan «Report» habar berdi.
«Günbatar Awstraliýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň garaşsyz deputaty Ben Dokinz öz adyny resmi taýdan Ostin Tramp diýip üýtgetdi, ol şeýle edende, ABŞ-nyň Prezidentinden ruhlandy» diýip, neşir ýazýar.
Syýasatçynyň sözlerine görä, ol muny Parlamentde köplük bolan çepçimerkezçi Leýboristler partiýasynyň garşysyna tutum diýip atlandyrdy. Parlamentiň resmi saýtynda erkek kişi indi «Awstraliýanyň Trampy» hökmünde görkezilýär.
Deputat Dogulyş we nika barada hasaba alyş edarasy tarapyndan adyny üýtgedendigine kepil geçýän resminamanyň fotosuratyny özüniň sosial sahypasynda ýerleşdirdi.