Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi

22:1307.02.2025
0
11959

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipelere, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow birnäçe resminamalara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň