Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatyna täze häkim bellenildi

22:4407.02.2025
0
34796

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Soltanmyrat Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu wezipä Toýguly Nurmyradowy belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permanlara şu gün 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Belläp geçsek, Soltanmyrat Soltanmyradow 2024-nji ýylyň 29-njy iýulyndan bäri Ahal welaýatynyň häkimi wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň