Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Woronež şäherinde serçe sanawy geçiriler

13:0007.02.2025
0
14207
Russiýanyň Woronež şäherinde serçe sanawy geçiriler
Surat: vfokuse.mail.ru

Woronež oblastynyň adybir merkezi şäherinde serçeler sanalar diýip, şäheriň ekologiýa edarasy habar berdi. Tutum Russiýanyň Guşlary goramak birleşiginiň başlangyjy esasynda «Gyrymsylykdaky serçeler» diýen ählirus ýazuwynyň çäklerinde geçiriler. Ornitologlar soňky ýyllarda serçeleriň sanynyň azalýandygyndan biynjalyk bolýarlar. Aslynda bu guşlar şäheriň abadançylygynyň görkezijisidir, sebäbi olar ösümliklere zyýan berijileri ýok edýärler, haşal otlaryň tohumlaryny iýýärler.

Guşlary 8-16-njy fewral aralygynda sanarlar. Bu görnüşleriň goralmagy we dikeldilmegi üçin çäreleri işläp düzmek üçin möhümdir. Çärä şäheriň isleg bildiren ähli ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler.

Woronež oblastynda serçeleriň iki görnüşi — öý we meýdan serçeleri duşýar. Şäherde 2024-nji ýylda 3200-den gowrak öý we meýdan serçelerini hasaba aldylar diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň