Türkmenistan Mongoliýada täze ilçisini wezipä belledi, gyrgyz telekeçileri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli sergä çagyryldy, Aşgabadyň Görogly köçesinde ulag gatnawy gaýtadan dikeldildi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew şol bir wagtda ýurduň Mongoliýadaky ilçisi wezipesine bellenildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Durdyýew 2019-njy ýyldan bäri HHR-däki diplomatik wekilhana ýolbaşçylyk edýär.
2. Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew gyrgyzystanly telekeçileri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanjak halkara sergä, şeýle hem «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly foruma gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen geçirilen duşuşykda beýan edildi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
3. Aşgabatda şäherinde Görogly köçesiniň Nurmuhamet Andalyp köçesinden Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoluna çenli böleginde ulag gatnawy gaýtadan dikeldildi. Köçäniň hereketi täze ýolüsti geçelgäniň gurulmagy sebäpli çäklendirilipdi. Bu täze geçelge Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň golaýynda ýerleşýär.
4. Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ronni Ýuliantoro özüniň diplomatik işini tamamlaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow onuň bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere deglip geçildi.
Dünýäde
6. Ýaponiýada uzaga çeken gar ýagyny pajygaly netijelere getirdi: bir adam öldi, dokuz adam şikes aldy. Aýratyn hem Hokuriku sebitinde çylşyrymly ýagdaý emele geldi, bu ýerde garyň galyňlygy bir günüň içinde 130 santimetre ýetdi. Tebigy hadysa ulag gatnawlaryna düýpli zyýan ýetirdi. 150-ä golaý uçuş ýatyryldy, otlularyň we trolleýbuslaryň gatnaw tertibi bozuldy, ýollar geçip bolmajak ýagdaýa geldi. 800 töweregi hojalyk elektriksiz galdy.
7. Kwinslendden alymlar topary EKO (ekstrakorporal tohumlandyrma) tehnologiýasy arkaly dünýäde ilkinji bolup kenguru düwünçegini döretmek bilen, reproduktiw biologiýada uly üstünlik gazandy. Alymlar eýýäm ölen kenguruwyň genetiki materiallaryny ulandylar, munuň özi ýitip barýan görnüşleri gorap saklamak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu üstünlik ýitip gitmek howpy abanýan torbalylary, şol sanda koalalary we tasman şeýtanlaryny halas etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup biler.
Sport täzelikleri
8. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Harbinde geçirilýän gyşky Aziýa oýunlarynda ikinji ýeňşini gazandy. 6-njy fewralda Ylýas Weliýewiň şägirtleri Hindistanyň toparyndan 19:1 hasabynda üstün çykdylar.
9. Argentinaly hüjümçi Lionel Messi «FourFourTwo» neşiri tarapyndan futbol taryhynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Iň gowy bäşlikde şu oýunçylar ýerleşdi: 2. Pele; 3. Diýego Maradona; 4. Kriştianu Ronaldu; 5. Ýohan Kroýf. Şeýle hem iň gowy 100 futbolçynyň sanawyna SSSR-iň milli ýygyndysynyň derwezebany Lew Ýaşin hem girdi, ol «Altyn pökgä» mynasyp bolan ýeke-täk derwezebandyr. Ol 26-njy ýerde ýerleşdi. 37 ýaşly Messi sekiz gezek «Altyn pökginiň» eýesi we taryhda iň köp baýrak alan futbolçy boldy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýäniň çempiony bolan futbolçy häzirki wagtda MLS-iň «Inter Maýami» klubynda çykyş edýär.