Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça şu gün ahyrky garagyş döwri başlanýar

11:3207.02.2025
0
14975
Türkmenleriň milli senenamasy boýunça şu gün ahyrky garagyş döwri başlanýar
Surat: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça 6-njy fewralda kiçi çille tamamlanyp, gyşyň iň soňky bölegi bolan ahyrky garagyş döwri başlanýar. Ol uly we kiçi çillelerden soňra togsan günläp dowam edýän gyşy tamamlap hem berýär. Ýagny ol 7-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu döwür gyşyň öz ornuny ýaza berýän döwri bolansoň, howa birneme maýlap başlaýar.

Daş-töweregimizi gurşap alan ösümlik dünýäsine jan girip, agaçlar pyntyklap başlaýar. Bu ýyl gyşyň maýyl gelmegi bilen birnäçe miweli agaçlar wagtyndan öňräk hem gülledi. Türkmenistanda ähli agaçlardan ir oýanýan badam baryp, ýanwaryň aýagynda gülledi. Erikleriň käbir görnüşleri-de pyntyklady.

Şeýle ýagdaýda ahyrky garagyşda howa gazabyna tutaýsa, bir gijäniň özünde doňduryp, baglara uly zyýan ýetirip bilýär. Bu ýyl şeýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin bagbanlar dürli çäreleri görüp başladylar. Baglaryň arasyna gaty ders bölekleri daşaldy. Eger-de gijelerine doňakçylyk boljak bolsa, onda şol üýşürilen dersi otlap, ondan çykýan tüssäniň bagyň depesinde bulut bolup durmagy belli bir derejede howanyň sowuk akymynyň öňüne böwet bolýar.

Ata-babalaryň gyşyň ahyrky bölegine «ahyrky «garagyş» diýmeginiň özboluşly sebäbi bar. Olar «Kiçi çilleden soň, adamlar gyş gutardy diýip arkaýyn bolmasynlar, entek togsan dolman, gyş gutarmaz» diýen düşünjäni öz nesilleriniň aňyna guýupdyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň