Göwnejaý «Katmer» kafesi süýjülikleri halaýanlaryň ählisini ýatdan çykmajak gastronomiki syýahata çagyrýar. Bu ýerde adaty türk desertleriniň hatarynda süýjüligi bilen hatda iň talapkär gurmanlaryň hem göwnünden turjak şokoladly kadaif aýratyn orun eýeleýär.
Süýji şirä batyrylan, kitirdewükden ýumşak kadaif hamyry pisseleriň baý tagamy we Belgiýanyň şokolady bilen utgaşyp, ajaýyp tagamlaryň simfoniýasyny döredýär. Bu desertiň her bir bölegi — bu süýjüligi halaýan islendik adam üçin hakyky lezzetdir.
«Katmer» kafesi — bu diňe bir datly süýjüliklerden lezzetli iýip doýmak üçin niýetlenen ýer hem däldir. Bu rahatlyk we myhmansöýerlik atmosferasynda her bir myhman özüni juda arkaýynlykda duýup biler. Ýakymly interýer, üns-aladaly işgärler we elbetde, ýokary hilli desertler — umuman, bularyň hemmesi «Katmer» kafesini şäheriň iň meşhur ýerleriniň birine öwürýär.
Eger-de özboluşly bir zatdan lezzet alaýyn diýseňiz ýa-da ýakynlaryňyzy geň galdyrmak isleseňiz, «Katmer» kafesine baryp, şokoladly kadaif süýjüligini dadyp görüň. Bu uzak wagtlap hakydaňyzdan çykmajak derejede datly desertdir!
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Ankara köçesi, 19-njy jaý (ozalky Ýubileýnaýa);
- telefon belgisi: (+993 63) 24 99 44;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.