Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Köpetdag goraghanasynyň çäginde süýrenijileriň 37 görnüşi hasaba alyndy

16:1606.02.2025
0
84672

Ekologlaryň köp ýyllyk gözegçilik etmeklerine görä, Köpetdag goraghanasynyň çäginde süýrenijileriň 37 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň arasynda menekli ýylançyr, elburs suwulgany, eýran pişikgöz ýylany, orta aziýa göklors ýylany we beýlekiler Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024-nji ýylyň 4-nji neşiri) girizilendir.

Süýrenijileriň işjeňligi durnukly ýyly howanyň gelmegi bilen irki baharda başlanýar. Şol wagtda olaryň gyşky ukudan soň hinlerinden ýer ýüzüne çykýandygy bellenýär. Şeýlelikde, aprel aýynda Bakja we Guryhowdan meýdançalarynda ýowşanlyklaryň, gür otlaryň arasynda Merkezi Köpetdagyň eteginde adaty bolan uzynaýak suwulganyň peýda bolmagy alymlaryň ünsüni çekdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň sahypalarynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Aknabat Potaýewa gürrüň berýär.

Hazar asy hem ýygy-ýygydan duş gelýär – ol asla zyýansyz, özüni asylly alyp barýan, gaty kiçijik, owadan reňkli, dürli hili landşaftlarda ýaşamaga uýgunlaşan jandar hasaplanýar.

Aprelde ekologlar dagyň aşaky guşagynda birnäçe gezek sary suwulgan diýilýän jandary bellige alypdyrlar. Köpler ony aýaksyz suwulgan – ýylan diýip hasaplaýarlar, emma bu beýle däl, ol suwulganlar toparyna degişlidir. Halkyň arasynda oňa pygamber gamçysy hem diýilýär we dogalanan jandar hasaplanýar, duş gelen halatynda oňa zyýan ýetirmeli däl ýa-da ynjytmaly däl.

Daglyk ýerlerde kawkaz patmasy hem köp duş gelýär, adamlaryň seýrek barýan ýerlerindäki gorkmazak görnüşleri adamlardan asla çekinmeýärler, fotoenjamyň öňünde «belli görnüşe eýe bolmak» bilen arkaýyn surata düşýärler.
Dürli belentliklerde dürli öwüşginli we zeýtun reňkli lors ýylanlary, gurçuk görnüşli ýylanlar, şeýle hem zäherli kepjebaş, galkanburun we göklors ýaly ýylanlar duş gelýär. Olaryň soňky üç görnüşi hormata, üns bermäge we olara duş gelnende örän seresap bolmaga mynasypdyr. Goraghananyň hünärmenleri çopanlara we bakjaçy oba hojalyk işgärlerine bu barada hemişe ýatladyp durýarlar.

Goraghananyň işgärleri Nöwrek-Çeşme meýdançasynyň wolýeriniň töwereklerinde, Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň çäginde uly zemzenleriň bolýandygyny birnäçe gezek belläpdirler.

Daglyk ýerlerde mesgen tutýan zemzenleri ýüze çykarmak boýunça gözegçilik işleri alnyp barylýar. Eger şeýle ýerler tebigaty goraýyş zolagyndan daşarda ýüze çykarylan bolsa, onda ýodalaryň, çeşmeleriň we ýollaryň golaýynda duş gelnen halatynda süýrenijini biynjalyk etmezligi, şeýle-de bu ýerlerde ägä bolmagyň zerurlygy ündelýän ýazgylar goýulýar.

Duşak-Erekdag daglarynda, Grot we Syýazawe jülgelerinde fotoduzaklarda Türkmenistanyň howply süýrenijileriniň dörtlügine girýän göklors ýylany hasaba alyndy, olaryň duýdansyzlyk bilen edýän hereketleri we ýokary derejede zäherlilik häsiýetleri sebäpli adamlar olardan gaça durmalydyr.

Türkmenistanyň süýrenijileriniň görnüşleriniň köpdürlüligi alym-gerpetologlar Sähet Şammakow, Çary Ataýew tarapyndan çuňňur öwrenildi. Biologiýa ylymlarynyň kandidatlary Kim Haýdarow, Ejebay Kokanowa ony öwrenmegi häzir hem dowam etdirýärler. Ylmy işlerinde olara şägirtleri, gerpetologlar, Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyň ylmy işgärleri Aleksandr Şestopal we Olesýa Gökbatyrowa materiallary ýygnamakda we görnüş toparlaryna bölmekde kömek berýärler, tematiki ylmy ekspedisiýalara, şol sanda goraghananyň ekologlary bilen bilelikde gatnaşýarlar – diýip, A. Potaýewa belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň