Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Azyk we oba hojalyk guramasy: dünýäde 730 million adam açlyk çekýär

12:2106.02.2025
0
11845
Azyk we oba hojalyk guramasy: dünýäde 730 million adam açlyk çekýär
Surat: belta.by

Dünýäde häzir 730 milliondan gowrak adam açlyk çekýär, 2 milliard töweregi adam üçin bolsa, sagdyn iýmit hemişelik elýeterli däl. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Budapeştdäki sebit edarasynyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar boýunça gullugynyň başlygy Wiktoriýa Kalinin habar berdi.

Ýolbaşçynyň sözlerine görä, bu günki gün açlyk meselesi ählumumy kynçylyklaryň biri bolmagynda galýar. Bu bolsa, guramanyň bu ugurda işini dowam etdirmeginiň möhümdigini görkezýär diýip, Kalinin nygtady. Ol şeýle-de Azyk we oba hojalyk guramasynyň sagdyn azyga ählumumy we deňhukukly elýeterlilik ulgamynyň döredilmegi ugrunda işini dowam etdirjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

«Biz halkara hyzmatdaşlygyny berkitmelidiris, habar beriş çemeleşmelerini durmuşa ornaşdyrmalydyrys hem-de agrar azyk pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmelidiris» diýip, hünärmen nygtady.

Bu barada TASS habarlar gullugy ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň