Fransuz aşhanasy bilen meşhurlyk gazanan «Dejavu» restorany müşderileri üçin ýörite aksiýa yglan edýär. Fewral aýynyň dowamynda restoranyň myhmanlary gündizine menýudaky ähli tagamlara 50% arzanladyşdan peýdalanyp bilerler.
Aksiýa her gün 12:00-dan 16:00-a çenli hereket edýär we ähli tagamlara degişlidir. Restoranyň menýusy fransuz aşhanasynyň milli tagamlaryny we Ýewropanyň meşhur naharlaryny öz içine alýar. Suşiniň dürli görnüşleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr, bu bolsa restorany dünýäniň dürli aşhanalarynyň muşdaklary üçin özüne çekiji edýär.
«Biziň restoranymyzdaky arzanladyş myhmanlara dürli tagamlary dadyp görmäge we özleri üçin täze gastronomiki utgaşmalary açmaga mümkinçilik berýär» diýip, «Dejavu» restoranynyň wekili belleýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy: Aşgabat, 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
- telefonlar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
- sosial ulgamdaky sahypasy.