Ýaponiýada ýagan güýçli gar ýurduň adaty durmuşyny bozdy. Ulag hereketinde kynçylyklar ýüze çykdy, howa menzilleri, mekdepler ýapyldy. Azyk harytlarynyň üpjünçiliginde bökdençlikler hasaba alyndy.
Ýerli häkimiýetleriň beýanatyna görä, ygalyň derejesi 129 santimetrden hem geçdi. Dessin gulluklara gar gabawynda galan sürüjilerden kömek sorap ýüzlerçe ýüztutmalar gelip gowuşdy. Bökdençlikleriň öňüni almak üçin häkimiýetler iri awtoýollary we şäher ýollaryny ýapmak kararyna geldi, demir ýol gatnawlary togtadyldy.
Ýerli häkimiýetler gyssagly ýola gitmeli raýatlara ýanlaryna pil we ýyly eşik almagy maslahat berdi.
Ýakyn günlerde Ýaponiýada howa has-da ýaramazlaşar diýlip garaşylýar. Howa gullugy ýene gar ýagjakdygyny, ygalyň derejesiniň 100 santimetre çenli artjakdygyny duýdurýar.
Bu barada «rg.ru» habar berdi.