Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.