Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýabany haýwanlaryň söwdasyna garşy halkara çärede 20 müň töweregi haýwan halas edildi

13:3805.02.2025
0
14590
Ýabany haýwanlaryň söwdasyna garşy halkara çärede 20 müň töweregi haýwan halas edildi
Surat: belta.by

Ýitip ýok bolmak howpy abanýan hem-de goraga degişli hasaplanýan 20 müň töweregi ýabany jandar tokaý önümleriniň we ýabany haýwanlaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça halkara işiň çäklerinde halas edildi. Bu barada «Euronews» habar berdi.

«Gök gümmürdisi - 2025» diýlip at berlen tutum wagtynda alty sany transmilli jenaýatçylyk toparlarynyň üsti açyldy. Umumy 365 jenaýatçy saklandy. Işi Interpol we Bütindünýä Gümrük gullugy utgaşdyrdylar diýlip, habarda bellenýär.

Jenaýatçylardan alnan haýwanlaryň arasynda 5877 pyşbaga, 1731 sany beýleki süýrenijiler, 33 primatlar, 18 sany uly pişikler we 12 pangolin bar. Şeýle-de iki aýlykdan iki ýaşa çenli gaplaňlaryň sekizisi Çehiýada olaryň bikanun köpeldilýän ýerinden alyndy.

Halas edilen ýabany haýwanlaryň köpüsi azyk önümlerini, dermanlyk serişdeleri we kaşaň öý goşlaryny öndürmek üçin peýdalanylýar. «Guramaçylykly jenaýatçylykly toparlar seýrek ösümliklere we haýwanlara islegiň ýokarydygy bilen baglylykda, adam harsydünýäligini kanagatlandyrmak üçin tebigatdan ýowuz peýdalanýarlar» diýip, Interpol edarasynyň baş sekretary Waldesi Urkisa gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň