Sportyň muşdaklary indi «Belet Video» ykjam programmasy üçin meşhur sport görnüşlerine bagyşlanan ajaýyp dizaýnly özboluşly sowgatlyk kartlaryny satyn alyp bilerler. Bu kartlar sporta bolan höwesiňizi paýlaşýan dostlaryňyz we ýakynlaryňyz üçin ajaýyp sowgat bolar, şeýle hem özbaşdak ulanyşda amatly töleg usulyny üpjün eder.
Sowgatlyk kartlar dürli abunalyk möhletleri bilen elýeterlidir: 1 aýlyk, 3 aýlyk, 6 aýlyk ýa-da bir ýyllyk. Kartlaryň eýeleri Angliýanyň Premýer-ligasynyň, La Liganyň oýunlaryna, UFC ýaryşlarynyň tutluşyklaryna, Formula 1 ýaryşlaryna we beýleki köp sanly sport çärelerine göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.
«Belet Video» sowgatlyk kartyny işjeňleşdirmek örän aňsat: ykjam programmadaky şahsy profiliňizde «Promokod» bölümine onuň koduny girizmek ýeterlikdir, şeýlelikde, söýgüli sport çäreleriňize onlaýn ýaýlymlarda tomşa edip bilersiňiz. Indi bank kartyny birikdirmek barada alada etmegiň geregi ýok – «Belet Video» sowgatlyk kartlary tölegiň çalt we ygtybarly usulyny üpjün edýär.
Sowgatlyk kartlary «Halk Market» we «Kämil market» dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz. «Belet Video» hyzmaty ykjam enjamlarda we telewizorlarda elýeterlidir. Ykjam programmany «App Store» ýa-da «Google Play» arkaly gurnap bolýar, şeýle hem ol brauzer arkaly video.belet.tm saýtynda hem elýeterlidir.
«Belet Video» sowgatlyk kartlary bilen özüňizi we ýakynlaryňyzy sport dünýäsine aralaşmak arkaly begendirmek mümkinçiligini elden gidirmäň!