Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri «Farap-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar

13:1105.02.2025
0
13228
Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri «Farap-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar
Surat: newscentralasia.net

4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, iş duşuşygynyň maksady «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynda ýüze çykyp biljek soraglary we meseleleri dessin çözmek maksady bilen jogapkär wekilleriň bellenilmegi boýunça ylalaşdylar.

Şeýle hem gazanylan ylalaşyklaryň hatarynda gümrük nokatlarynyň çäginde bilelikdäki iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işleriniň geçirilmegi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň