Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýanyň öňki Kansleri Gerhard Şreder hassahana ýerleşdirildi

10:1905.02.2025
0
9989
Germaniýanyň öňki Kansleri Gerhard Şreder hassahana ýerleşdirildi
Surat: ria.ru

Germaniýanyň öňki Kansleri Gerhard Şreder gyssagly hassahana ýerleşdirildi. Bu barada syýasatçynyň aklawçysy Hans-Peter Hubere salgylanýan «DPA» habarlar agentligi habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

80 ýaşly syýasatçy ruhy taýdan çökgünlige uçramagy bilen bagly lukmanlaryň gözegçiline alyndy, onda çuň ruhy çökgünligiň we güýjüň ýetmezçiliginiň alamatlary anyklandy diýlip, habarda bellenýär. «Bild» gazetiniň Şrederi bejerýän lukmanyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, syýasatçy ukusyzlykdan we huşunyň ýaramazlaşmagyndan ejir çekýär.

Gerhard Şreder Germaniýanyň Federal Kansleri wezipesini 1998-2005-nji ýyllarda eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň