Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bereket şäherindäki tikin kärhanasynda şu ýylyň ýanwarynda 1 million manatlykdan gowrak iş edildi

10:1105.02.2025
0
7453

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bereket şäherindäki tikin kärhanasynda şu ýylyň ýanwar aýynda dürli görnüşli tikin önümleriniň 20 müň 200-den gowragy taýýarlanylyp, pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 1 million manatlykdan hem geçdi. Munuň özi degişli hasabat döwrüniň meýilnamasynyň 102 göterim berjaý edilendigini görkezýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taýýar tikin önümleriniň ählisi diýen ýaly sarp edijilere ýetirildi. Geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini ýokarlandyrmagy başaran tikinçiler şu günler edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy kärhanalaryň buýurmalary esasynda dürli görnüşli tikin önümlerini taýýarlamagyň depginini barha artdyrýarlar.

Bu ýerde Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlarynyň oturdylmagy ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň