Türkmenistan geçen ýyl Özbegistandan hurma satyn almakda öňdäki bäşlikden orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Geçen ýyl Türkmenistan goňşy ýurtdan jemi 3 müň 348 tonna hurma import edipdir. Munuň özi Özbegistanyň hurma eksportynda üçünji görkezijidir. Bu ugurda Türkmenistandan öňde Russiýa Federasiýasynyň (64 müň 344 tonna) hem-de Gazagystanyň (15 müň 369 tonna) ady bar.
Ýeri gelende bellesek, hasabat döwründe Özbegistan daşary ýurtlara umumy bahasy 57 million amerikan dollaryna barabar 85 müň 763 tonna hurma eksport edipdir.