Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

4-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:4704.02.2025
0
22469

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanda ýangyç guýulýan beketleriň sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutany häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine aýratyn üns bermegiň, bu işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

2. Astanada geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Murat Nurtleu ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe möhüm meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini beýan etdiler.

3. Türkmenistanda ýangyç guýulýan beketleriň sanyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça çäreler görülýär. 31-nji ýanwarda geçirilen hökümet ýygnagynda habar berlişi ýaly häzirki wagtda paýtagtda we welaýatlarda täze ýaşaýyş toplumlaryny, senagat zolaklaryny we dürli önümçilikleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, nebit önümleri bilen sarp edijilere hyzmat edýän nokatlaryň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär.

4. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Efiopiýa iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde dolandyryjy «Rowaçlyk partiýasynyň» ikinji gurultaýyna gatnaşdy hem-de birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary, şol sanda ýurduň Prezidenti Taýe Atske-Selassiýe bilen gepleşikleri geçirdi. Üç günlük saparyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Efiopiýanyň «Rowaçlyk partiýasynyň» arasynda gatnaşyklary ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş etdi.

5. Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýokary derejeli komitetiniň Birinji mejlisine gatnaşdy. Ahmet Gurbanow öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde YHG-nyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ygrarly bolup galýandygyny nygtady.

Dünýäde

6. Belarusyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurduň Hökümetiniň ygtyýarlyklary resmi taýdan ýatyryldy. Prezident Aleksandr Lukaşenko hem öz gezeginde täze Ministrler Kabineti döredilýänçä Hökümetiň häzirki düzüminiň öz borçlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirjekdigi barada Permana gol çekdi. Bu çözgüt premýer-ministre, onuň orunbasarlaryna, ministrlere, döwlet komitetleriniň başlyklaryna we Ministrler Geňeşiniň Diwanynyň başlygyna degişlidir.

7. Russiýanyň Hökümeti diplomlary Russiýada awtomatiki usulda ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny giňeltdi. Täzelenen sanawda indi 36 ýurtdan 384 sany bilim we ylym edaralary bar. Ýanwar aýynyň ahyrynda sanawa 14 sany täze ýokary okuw mekdebi goşuldy, olaryň hatarynda Awstraliýa, Müsür, Italiýa, Lýuksemburg, Portugaliýa, Awstriýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Malaýziýa, BAE, ABŞ, Çehiýa we Eýran ýaly ýurtlaryň bilim edaralary bar.

Sport täzelikleri

8. Harbinde geçirilýän 9-njy gyşky Aziýa oýunlarynda erkekler ýygyndylarynyň arasynda hokkeý ýaryşynyň birinji tapgyrynda Hytaýyň Gonkongynyň hokkeýçileri Hytaýyň Makaosynyň toparyndan 26:1 hasabynda ynamly üstün çykdylar. Duşuşyk Türkmenistanyň we Hindistanyň milli ýygyndylarynyň hem çykyş edýän «C» toparçanyň çäklerinde geçirildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji oýnuny 5-nji fewralda Makaonyň topary bilen geçirer, 6-njy fewralda hindi hokkeýçileri bilen duşuşar we toparçalaýyn tapgyry 9-njy fewralda Gonkongyň toparyna garşy duşuşyk bilen jemlär.

9. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby Aziýanyň Saýlama Çempionlar ligasynyň ýedinji tapgyrynda öz meýdançasynda BAE-niň «Al-Wasl» toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 4:0 hasabynda tamamlandy. Ýer eýeleriniň düzüminde portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu dubl bilen tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň