Belarus uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili «Abraýly Watan» hususy kärhanasy 2025-2026-njy okuw ýyly üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär. Bu ýyl dalaşgärler üçin Belarus Respublikasynyň dokuz sany abraýly ýokary okuw mekdebinde bilim maksatnamalary elýeterli bolar.
Kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň arasynda ýurduň öňdebaryjy lukmançylyk uniwersitetleri bar: Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Witebsk lukmançylyk uniwersiteti, Grodno we Gomel döwlet lukmançylyk uniwersitetleri. Tehniki hünärler Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetinde hem-de Belarus milli tehniki uniwersitetinde öwredilýär.
Şeýle hem dalaşgärler köp sanly hünärleri öz içine alýan nusgawy uniwersitetlere-de ýüz tutup bilerler: Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti, Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti hem-de Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk milli uniwersiteti.
«Belarusda ýokary bilim hiliň we bahanyň iň amatly gatnaşygy bilen tapawutlanýar hem-de halkara standartlaryna laýyk gelýär. Bilimler rus, iňlis we belarus dillerinde okatmagyň innowasion usullary arkaly öwredilýär» diýip, «Abraýly Watan» HK-nyň wekili belleýär.
Kompaniýa girişde doly derejeli goldawy üpjün edýär, şol sanda hünäri saýlamak boýunça ýokary hilli maslahatlary we zerur resminamalary taýýarlamakda kömek berýär.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler şu telefonlar arkaly has anyk maglumatlary alyp bilerler: (+993 65) 05 72 75, (+993 64) 05 72 75, (+993 63) 27 72 75, (+993 62) 94 48 22.
Elektron poçta: abraylywatan2024@gmail.com
Sosial ulgamdaky sahypasy.