Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýokary derejeli komitetiniň Birinji mejlisine gatnaşdy.
Mejlise YHG-nyň agza döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, sebit guramalarynyň, ýöriteleşdirilen edaralarynyň we YHG-nyň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Gün tertibine YHG-nyň çäklerinde maliýe-býujet hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmek, şeýle hem «YHG-nyň 2025 nazarlama» maksatlaryny durmuşa geçirmek we bu köptaraplaýyn düzümiň iş mehanizmlerini kämilleşdirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak ýaly meseleler girizildi.
Öz çykyşynda Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde YHG-nyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ygrarly bolup galýandygyny nygtady. Ol Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bar bolan garaýyşlaryny beýan edip, YHG-ny ösdürmek strategiýasyny teklip etdi. Hususan-da, Gurbanow Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň Global atlasyny, Global energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk Bileleşigini döretmek, şeýle hem 2024-nji ýylda halkara meýdançalarynda Türkmenistanyň esasy başlangyçlarynyň biri boljak ýapyk aýlawly ykdysadyýete geçmek boýunça başlangyçlaryna ünsi çekdi.
Mundan başga-da, sebit integrasiýasyny çuňlaşdyrmak, syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, adam maýasyny we institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak üçin möhüm gural bolup hyzmat edýän YHG-nyň Söwda ylalaşygyny netijeli durmuşa geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Birinji mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda gysga duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köpugurly özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.