Ýurduň Merkezi saýlaw topary 26-njy ýanwarda geçen Prezident saýlawlarynyň jemlerini tassyklandan soňra, Belarussiýanyň Hökümeti iş başyndan gitdi. Bu barada Ministrler Kabineti özüniň Telegram-sahypasynda habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Bu ugurda degişli karara Respublikanyň Hökümet başlygy Roman Golowçenko gol çekdi.
Kanunçylyga görä, Hökümet her gezek ýurduň täze saýlanan Prezidentiniň öňünde öz ygtyýarlylyklaryny ýatyrmalydyr.
Belarussiýanyň Merkezi saýlaw topary 3-nji fewralda Aleksandr Lukaşenkonyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassyklady.