Gazagystan Respublikasynyň Täjigistandaky ilçisi Walihan Turehanow Duşenbe şäherinde täjik tarapyna 5 müň tonna mazudyň we azyk önümleriniň muzdsuz berilýändigi barada şahadatnamany gowşurdy.
Ilçi degişli resminamany Täjigistanyň Hökümetindäki döwlet maddy gorlar boýunça agentligiň direktory Nurmahmad Ahmadzoda gowşurdy diýip, «cmn.kz» habar berýär.
871,9 mln teňňä deň bolan haýyr-sahawat kömegiň düzüminde azyk önümleri hem bar. Haýyr-sahawat kömegi gazak-täjik hyzmatdaşlygyna mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk däpleriň we birek-birege goldawyň ýüze çykmasydyr diýlip, ilçihananyň habarynda bellenýär.
Soňky 5 ýylda Gazagystan Täjigistana umumy bahasy 20 mln amerikan dollary töweregi bolan haýyr-sahawat kömegini iberdi.