ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Kanadadan, Hytaýdan we Meksikadan ýurda getirilýän harytlara girizen import paçlary ýurduň awtoulag konsernleriniň işine ýaramaz täsir edip biler. Bu barada «New York Times» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
ABŞ-nyň bazaryna ulaglary getirýän iri konsernleriň köpüsi ýeňil we ýük ulaglarynyň 40 göterimine golaýyny Kanadadaky we Meksikadaky zawodlarda öndürýärler. Galyberse-de, Meksika bilen Kanadadan her gün on milliard dollarlyk ulaglar, hereketlendirijiler we beýleki ätiýaçlyk şaýlary geçirilýär.
Paçlaryň girizilmegi ABŞ-da awtoulaglaryň nyrhynyň gymmatlamagyny we olaryň getirilmegi babatda kynçylyklary döredip biler diýlip, çaklanýar.
Tramp öň Kanadadan we Meksikadan harytlara 25 göterim hem-de Hytaýdan harytlara 10 göterim paçlary girizmek barada resminama gol çekdi.
«Associated Press» (AP) habarlar gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» Prezident Trampyň gol çeken Permanynyň şu hepdeden güýje girjekdigini ýazýar.