Golaýda Belgiýanyň «Diplomatic World» institutynyň agzasy, «Bruxelles Korneriň» habarçysy we Merkezi Aziýanyň taryhyna ýöriteleşen bilermen Derýa Soýsal «Kanal Avrupa» bilen geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň türki dilli döwletleriň arasynda ýeke-täk bitarap ýurt hökmünde eýeleýän özboluşly ornuna hem-de Merkezi Aziýada sebit durnuklylygyna goşýan möhüm goşandyna ünsi çekdi.
Hanym Soýsal Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini seýrek gabat gelýän diplomatik üstünlik diýip atlandyrdy. Şeýle-de sebit we halkara gün tertibinde ýüze çykýan meseleleri çözmekde Türkmenistanyň işjeň ornuna aýratyn ünsi çekdi.
«Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygy pugtalandyrmak üçin möhüm başlangyçlary öňe sürdi» diýip bellän žurnalist 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda hem durup geçdi. Bellenilişi ýaly, bu başlangyç ählumumy derejede parahatçylyk söýüjiligi we ynanyşmagy öňe sürmek ýaly döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde möhüm ädimdir.
Belgiýaly bilermeniň aýtmagyna görä, Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde sebitdäki we dünýädäki ornuny barha pugtalandyrýar. Bu bolsa ýurduň diplomatik gatnaşyklarda barha abraýynyň artýandygyny görkezýär.