«Turkmenportal» habarlar saýty (HJ "Turkmenportal") Türkmen-Awstriýa Jemgyýetiniň 2025-nji ýylyň täzelenen agzalarynyň sanawyna resmi taýdan girizildi. Bu maglumat jemgyýetiň www.turkmenistan-kultur.at resmi web-saýtynda ýerleşdirildi.
Baş direktory Guwanç Nurmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Turkmenportal, Türkmenistanyň öňdebaryjy internet neşirleriniň biri bolup durýar. Hojalyk jemgyýeti hökmünde hasaba alnan «Türkmenportal», Türkmenistandan, Awstriýadan we beýleki ýurtlardan belli kompaniýalary we sungat işgärlerini öz içine alýan abraýly agzalaryň sanawyna goşuldy.
Jemgyýetiň beýleki agzalarynyň arasynda HJ Baş Taglym Türkmen, TMT/OJAR AZIÝA, Döwlet Gurluşyk we TÜRKMEN SENET ýaly iri türkmen kompaniýalary, şeýle hem DiproMed GmbH, Waagner Biro steel and glass GmbH ýaly awstriýa kompaniýalary we beýlekiler bar. Sanawda aýratyn orny meşhur nemes opera aýdymçysy Konstantin Rittel-Kobylýanski we awstriýaly tansçy Dimitar Ştefanin ýaly sungat dünýäsiniň wekilleri eýeleýär.