Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki hukuk goraýjy düzümleriň işine nägilelik bildirdi

12:2001.02.2025
0
34681

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işine nägilelik bildirdi – diýip, TDH agentligi habar berýär.

«Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde tertip-düzgüni berjaý etmek babatda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyny, harby we hukuk goraýjy bölümleriň işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerine gözegçiligiň gowşadylandygyny belläp, olaryň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi» - diýlip habarda aýdylýar.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, hukuk tertibiniň berjaý edilmegine gözegçilik etmeli gulluklaryň wekilleri bu işi üns merkezinden çykardylar. Şeýle hem ýol ulag we beýleki gulluklaryň işi hem günüň talaplaryna laýyk gelmeýär. Gurbanguly Berdimuhamedow degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna tabynlygyndaky gulluklarda ýol berlen kemçilikleri gyssagly düzetmegi we tertibi ýola goýmagy tabşyrdy.

Ýygnananlara ýüzlenmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow olardan Watana wepalylyk kasamyny berjaý etmegiň we oňa ak ýürekden hyzmat etmegiň talap edilýändigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz: «Watan öňündäki kasamyňyza wepaly bolup gulluk etmegiňizi hemmäňizden talap edýärin. Eger-de borjuňyzy ýerine ýetirmeseňiz, onda siziň özüňiz harby we hukuk goraýjy edaralar bolup düzgün-nyzamyňyzy ýerine ýetirmändigiňiz barada degişli temmiňizi alarsyňyz» — diýip, olara berk tabşyryk berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň