Hytaý türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almak üçin saýlap alýan ugurlarynyň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Ýurduň döwrebap uniwersitetleri diňe bir innowasion bilim maksatnamalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki binýady bilen däl-de, eýsem, Hytaýyň köp asyrlyk medeniýetine aralaşmak mümkinçiligi bilen hem özüne çekýär.
«Ýönekeýden» toplumlaýyn goldaw
«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýda ýokary bilim almak isleýän dalaşgärler üçin toplumlaýyn goldaw ulgamyny işläp düzdi. Halkara bilim standartlaryny häzirki zamanyň hünär talaplaryna amaly taýdan taýýarlyk bilen utgaşdyrýan bakalawriat maksatnamalaryna aýratyn üns berilýär.
Uýgunlaşma we dil taýýarlygy
Okuwlara üstünlikli başlamak üçin talyplara täze gurşa çalt öwrenişmäge ýardam berýän ýörite dil kurslary göz öňünde tutulandyr. «Ýönekeýiň» hünärmenler topary giriş synaglaryna taýýarlykdan başlap, Hytaýda doly uýgunlaşmaga çenli ähli tapgyrlarda goldaw bilen üpjün edýärler.
Hemmetaraplaýyn guramaçylykly goldaw
«Ýönekeý» guramaçylyk meseleleriniň hemmesini öz üstüne alýar:
talybyň isleglerini we mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, uniwersitet saýlamak
zerur resminamalary taýýarlamak we resmileşdirmek
wiza goldawy boýunça kömek
amatly ýaşaýyş jaýyny tapmaga ýardam
Maliýe mümkinçilikleri we geljek
Hytaýda bilim almagy has elýeterli edýän VISA karty arkaly maliýe goldawyny resmileşdirmek mümkinçiligi möhüm artykmaçlykdyr. Hyzmatdaş uniwersitetleriň diplomlary Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilýär we uçurymlar üçin zähmet ýolunda giň mümkinçilikleri açýar.
Ýüz tutmak üçin näme etmeli
Ýüz tutmalaryň kabul edişligi açykdyr, ýöne orunlaryň sany çäkli. Has anyk maglumat almak we resminamalary tabşyrmak üçin kompaniýanyň resmi saýtyna giriň: okamak.yonekey.com