Serdar Berdimuhamedow Donald Trampa gynanç hatyny iberdi, Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhedindäki halkara geçiriş nokady gaýtadan işe giriziler, Aşgabatda talyplar üçin Türkiýäniň talyp haklary maksatnamasy tanyşdyryldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. Penşenbä geçilýän gijede Waşington şäheriniň Reýgan adyndaky howa menziliniň golaýynda ýolagçy uçary bilen harby dikuçar çaknyşdy. Uçarda 60 ýolagçy we ekipažyň dört agzasy, dikuçarda bolsa ekipažyň üç agzasy bardy. Uçar heläkçiliginiň netijesinde diri galanlar ýok.
2. Almatyda Gazagystan bilen Türkmenistanyň demirýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we iki ýurduň arasynda demirýol daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhedinde ýerleşýän Bolaşak demirýol menzilindäki bilelikdäki halkara geçiriş nokadynyň işini gaýtadan ýola goýmak barada ylalaşyk gazandylar.
4. BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde maliýe hyzmatlary bazaryna girmek baradaky borçnamalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça webinar geçirdi. Webinarda hyzmatlaryň halkara söwdasyny düzgünleşdirýän köptaraplaýyn düzgünler, şeýle hem durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda maliýe hyzmatlaryny kadalaşdyrmagyň çemeleşmeleri barada maglumat berildi. Gatnaşyjylar maliýe hyzmatlary pudagynda BSG-ä agza bolmagyň şertleri, hususan-da, häzirki we geljekki milli namalary BSG-niň resminamalarynda nädip görkezmelidigi barada öňde duran gepleşiklere nähili taýýarlanmalydygy bilen tanyşdylar.
Dünýäde
5. Türkiýäniň häkimiýeti Kartalkaýa dynç alyş zolagyndaky myhmanhanada bolup geçen pajygaly ýangyndan soň myhmanhana pudagyny düýpli gözden geçirmek işlerine başlady. Barlaglaryň netijesinde, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi Antalýada howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän 50 myhmanhanany derrew ýapmagy buýurdy. Olaryň ýapylmagynyň sebäbi myhmanhana işini alyp barmak üçin hökmany resminamalaryň, şol sanda ýangyn howpsuzlygy şahadatnamalarynyň bolmazlygydyr. Olaryň hemmesi ýakyn wagtda möhürlener.
6. Gyrgyzystanyň Çuý oblastynyň Kemin etrabynda häzirki zaman ekologik şäheriň gurluşygy meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany Sadyr Žaparow Kemin-sitini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Taslamanyň bahasy 45,74 milliard dollar. Gurluşyk üçin 353 gektardan gowrak meýdan bölünip berildi, bu ýer eýýäm ozalky oba hojalyk maksatly ýer derejesiniň ýerine ilatly ýer derejesini aldy. ýurduň häkimiýeti 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli gurluşygyň konsepsiýasyny işläp düzmegi we tassyklamagy, şeýle hem maýadarlar bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär.
Sport täzelikleri
7. 7 – 14-nji fewral aralygynda Harbinde geçiriljek Gyşky Aziýa oýunlarynda türkmen toparyna sportyň üç görnüşinde – hokkeýde, şort-trekde we figuralaýyn typmakda 25 türgen wekilçilik eder. Ýaryşlara 34 ýurtdan, şol sanda Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden türgenler gatnaşar. Bu Hytaýyň taryhynda üçünji Gyşky Aziýa oýunlary bolar. Harbinde ilkinji ýaryş 1996-njy ýylda geçirilipdi.