Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hekemiň» hünärmenleri gozgalmaýan emläk we maliýe meseleleri boýunça iň möhüm sowallara jogap berdiler

09:3931.01.2025
0
16124

«Hekem» kompaniýalar toparynyň hünärmenleri gozgalmaýan emläk we maliýe amallary pudagyndaky iň möhüm meseleler boýunça kanunçylyk maslahatlaryny berýärler. Bu makalada Türkmenistanyň raýatlaryny iň köp gyzyklandyrýan ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň we maliýe gatnaşyklarynyň esasy taraplaryna seredilýär.

Ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalary kimler, olaryň hukuklary we borçlary nähili?

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 34-nji maddasyna laýyklykda, hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalary diýlip maşgala gatnaşyklaryna esaslanan hukuklary we borçlary bolan adamlar, ýagny äri (aýaly), olaryň çagalary we är-aýalyň ata-eneleri ykrar edilýär. Şeýle hem kanunçylyk ýaşaýyş jaýynyň eýesi bilen umumy hojalygy dolandyrmak şerti esasynda azyndan bäş ýyl bile ýaşan beýleki adamlary hem maşgala agzalary hökmünde ykrar etmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Bu ýagdaýyň diňe kazyýet tarapyndan ykrar edilip bilinjekdigini bellemek möhümdir.

Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 35-nji maddasynda ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalary, eger olar göçüp gelenlerinde başgaça bellenilmedik bolsa, onuň bilen bir hatarda bu ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmaga haklydyrlar diýlip beýan edilýär. Hususy ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň maşgala agzalary özlerine bu ýaşaýyş jaýynyň eýesi tarapyndan berlen ýaşaýyş jaýyna öz kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryny göçürip getirmäge haklydyrlar, maşgalanyň beýleki agzalaryny göçürip getirmäge diňe ol ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň razylygy bilen ýol berilýär.

Haýsy ýagdaýlarda ýaşaýyş jaýy umumy bilelikdäki emläk hasaplanýar?

Ýaşaýyş jaýy är-aýalyň nikada döwri alnan bolsa, onuň kimiň adyna durandygyna ýa-da serişdäniň kim tarapyndan tölenendigine garamazdan, ol umumy bilelikdäki emläk bolýar. Bilelikdäki emläge eýeçilik etmek, ulanmak we ygtyýarlyk etmek üçin är-aýalyň deň hukuklary bar we gozgalmaýan emläk amallaryny amala aşyrmak üçin är-aýalyň razyçylygy talap edilýär. Ýaşaýyş jaýyna umumy eýeçiligiň başga bir görnüşi (eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa) döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli bolan ýaşaýyş jaýynyň hususylaşdyrylmagy netijesinde gazanylan ýaşaýyş jaýyna esasy kireýine alyjynyň we onuň maşgala agzalarynyň, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we wagtlaýyn bolmadyklaryň bilelikdäki eýeçiligi bolup durýar. Bu «Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasynda hem-de Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulandyr. Şol kodeksiň 35-nji maddasy bolsa bu ýaşaýyş jaýynda hemişelik ýaşaýan öý eýesiniň, onuň kämillik ýaşyna ýeten çagalarynyň we beýleki adamlaryň razylygy bolmazdan, hususylaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny islendik görnüşde aýrybaşgalamagy düýbünden gadagan edýär.

Aşgabatda ýerleşýän ýaşaýyş jaýyna hasaba alynmagyň tertibi nähili?

Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyna we Aşgabatda hasaba alynmagyň tertibine aýratyn üns berilýär. Raýatlary hasaba almak Türkmenistanyň Prezidentiniň 09.02.2020 ý. senedäki 1875 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň raýatlaryny hasaba almagyň Düzgünnamasy bilen kesgitlenilýär (09.26.2023 ý. senede üýtgetmeler girizildi). Hasaba alyş meseleleri boýunça kararlar Häkimleriň ýanyndaky jemgyýetçilik komissiýalary tarapyndan kabul edilýär, şeýle hem raýatlaryň bu kararlar bilen baglylykda, kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

Karz berlen pullaryň ýa-da beýleki zatlaryň yzyna gaýtarylmagyny nädip üpjün etmeli?

Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 645-nji maddasynda kesgitleme berlişi ýaly, karz — bu karzy beriji bilen ony alyjynyň arasyndaky şertnama bolup durýar. Bularyň birinjisi pul ýa-da başga çalşylýan zatlary başga bir eýeçilige geçirýär, ikinjisi şol bir görnüşde, hil we mukdarda alnan zatlary karz berijä gaýtaryp bermäge borçlanýar. Şeýlelikde, karz — karz bermegiň raýat-hukuk görnüşleriniň biridir. Kanuny taýdan karz şertnamasy ýa öwezini dolup bolýan ýa-da mugt görnüşde bolup biler. Karzyň predmeti, adatça, pul serişdesi bolýar. Karz şertnamasy dilden baglaşylýar. Taraplaryň ylalaşygy boýunça karzda ýazmaça şertnama hem baglaşylyp bilner. Şertnama dilden baglaşylan ýagdaýynda onuň güýji diňe şaýatlaryň görkezmeleri esasynda kabul edilip bilinmez.

Karz şertnamasy boýunça göterim derejeleri ýerlikli bolmalydyr we Türkmenistanyň Merkezi Banky tarapyndan kesgitlenen kadalara laýyk gelmelidir.

«Hekem» kompaniýalar toparynyň hünärmenleri serişdeleri yzyna gaýtarmagy kepillendirmek üçin karz şertnamalaryny ýönekeý ýazmaça görnüşde doldurmagy maslahat berýärler.

Şu görkezilen meseleler boýunça hünärmen maslahatyny almak üçin audit, emlägi bahalandyrmak, gozgalmaýan emläk (rieltorlyk) hem-de hukuk maslahaty ýaly hyzmatlary hödürleýän «Hekem» kompaniýalar toparyna («Hekem», «Hekem Audit» we «Adyl Hekem») ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgisi: (+993 12) 47 81 15;
  • ýerleşýän salgysy: 10 ýyl abadançylyk, 98-nji jaý;
  • elektron poçta salgysy: hekem.info@gmail.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň