«Ak bulut» hojalyk jemgyýeti gurluşyk we dizaýn işleri pudagynyň häzirki zaman tendensiýalaryna eýermek bilen, işjeň ösmegini dowam etdirýär. Kärhana önüm görnüşleriniň hataryny ep-esli giňeldip, müşderilere gurluşyk materiallarynyň köpdürli toplumyny hödürleýär.
Önümçilik hataryna şular girýär:
- gips karton önümleri (potolok üçin 7 mm; 9,5 mm; diwar üçin 9,5 mm; 12,5 mm — standart we çyglylyga çydamly)
- gips kartondan asma potoloklar
- gips kartondan akustiki asma potoloklar
- demirden asma potoloklar
- potoloklary, şeýle hem gips kortony gurnamak üçin niýetlenen profil ulgamlary
- gury gurluşyk garyndylary (SATEN arassa şpatlýowkasy, SIVA esasy garyndysy, KARTONPIYER gurluşyk gipsi)
Şeýle hem kompaniýanyň täze önümi — demirden ýasalan gözenek paneller. Bu önüm uzak ulanyş möhleti, oda çydamlylygy, çyglylyga çydamlylygy we gurluşyk pudagynyň dürli ugurlarynda wajyp bolan şöhle geçiriji aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
Demir gözenek paneller şu maksatlar üçin ulanylýar:
- asma potoloklarda;
- aralyk diwar panelleri görnüşinde jaýlaryň içki bezeginde häzirki zaman interýerlerine dizaýnerlik ussatlygyny goşmaga mümkinçilik berer;
- basgançaklar we perilalar;
- mebel işinde;
- binalaryň we desgalaryň daşky bezeginde (asma fasadlar);
- haýatlar we araçäk bölekleri.
Bu önümler dürli reňklerde hödürlenýär. «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti täze önüminiň hem içerki bazarda, hem-de daşary ýurtlarda üstünlikli tanaljakdygyna ynam bildirýär.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 29/1 jaý, 3-nji gat;
- telefon belgileri: (+993 12) 75 42 43, (+993 12) 75 42 44, (+993 62) 24 00 44;
- web saýty: www.akbulut.com.tm.