ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň agzasy Anna Paulina Luna häzirki amerikan lideri Donald Trampyň portretini Günorta Dakota ştatyndaky Raşmor ýadygärlikler-dagyndaky öňki Prezidentleriň dördüsiniň hataryna goşmagy teklip etdi. Bu barada «news.rambler.ru» ýazýar.
Syýasatçy kanun taslamasyny Kongresiň palatasynyň garamagyna hödürledi. Onuň sözlerine görä, Trampyň ýurduň bähbidine gönükdirilen tutumlary ykrar edilmegine mynasypdyr.
Ýadygärlikler toplumy beýikligi 18,6 metr bolan granit barelýefden ybarat bolmak bilen, onda Jorj Waşington, Tomas Jefferson, Teodor Ruzwelt we Awraam Linkoln ýaly öňki Prezidentleriň keşpleri şekillendirilendir. Ýadygärlikler toplumy 1927-1941-nji ýyllaryň dowamynda heýkeltaraş Gutzon Borglumyň ýolbaşçylygynda ABŞ-nyň esaslandyrylmagynyň 150 ýyllygyna gabatlanyp döredildi.
Toplum Günorta Dakotada ştatynda, Kistoun şäheriniň günorta-günbataryndaky daglykda ýerleşýär.