«Ýörite geýimler dünýäsi» kompaniýasy myhmanhana we restoran işewürliginiň işgärleri üçin ýörite döredilen «Gandash Uniform» hünärmen lybaslaryny hödürleýär. Kompaniýa HoReCa ulgamynyň ähli zerurlyklaryny göz öňünde tutup, ýörite lybaslary tikmeklige ýöriteleşendir.
Geýimler döredilende tebigy süýümleri (pagta, ýüň) häzirki zaman sintetiki materiallar bilen birleşdirýän innowasion matalar ulanylýar. Şeýle utgaşma geýimler geýilende rahatlygy we önümleriň berkligini üpjün edýär.
Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, olaryň döredýän lybaslary HoReCa ulgamynda işjeň ulanmak üçin ýörite uýgunlaşdyrylandyr. Materiallar hapalanma, deformasiýa we ýuwlandan soň keşbini üýtgetmäge garşy ýokary durnuklylyga eýedir, bu bolsa eşikleriň hyzmat möhletini has-da artdyrýar.
Her sargyt müşderiniň aýratyn talaplary, şol sanda korporatiw stiliň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilýär. Müşderilere islendik dizaýn çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin ýokary hilli matalaryň giň görnüşleri hödürlenýär.
Geýim sargyt etmek ýa-da maslahat almak üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz:
(+993 64) 003 002
(+993 61) 555 522
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- web-saýt: candashuniform.com.tm;
- sosial ulgamdaky sahypasy.
Dükanlaryň salgylary şy salgylanmada elýeterlidir.