«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti takside we mikroawtobuslarda işlejek sürüjileri üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan etdi. Iş ýerleri degişli sürüjilik şahadatnamasy we ýeterlik iş tejribesi bolan adamlar üçin açykdyr.
«Toyota Corolla» taksi awtoulaglaryny sürmek üçin «B» we «C» kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasynyň, «Toyota Hiace» mikroawtobuslaryny we «Hyundai Aero City» şäher awtobuslaryny sürmek üçin bolsa «D» kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagy talap edilýär.
Gyzyklanma bildiren dalaşgärler «Çoganly» ýaşaýyş toplumyndaky Halkara awtomenziline ýüz tutup bilerler. Salgysy: Aşgabat şäheri, Atamyrat Nyýazow şaýoly, 422. Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: 44-35-38, 44-35-20 ýa-da +99361493495.