Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde VSO-nyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

10:2229.01.2025
0
20237

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Volunteer Services Overseas (VSO) halkara guramasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. 27-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen duşuşykda türkmen tarapyna bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew we halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa wekilçilik etdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak hem-de häzirki zaman globallaşan dünýäde ýaşamak üçin okuwçylarda zerur bolan başarnyklaryň emele getirilmegine gönükdirilen bilim maksatnamalaryny ösdürmek baradaky meselelere aýratyn üns berildi.

VSO guramasynyň wekilleri, şol sanda jenap Purna Şrestha we hanym Joýs Laker, mugallymlary, mekdepleri we okuwçylary goldamak hem-de ösdürmek boýunça bilim başlangyçlarynyň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdiler. Olar bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda toplan tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Volunteer Services Overseas (VSO) halkara guramasy bolup, onuň ştab-kwartirasy Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýär. VSO bilim, saglygy goraýyş hem-de ýaşaýyş-durmuş serişdeleri bilen üpjün etmek ýaly esasy ugurlarda meýletin goldaw bermek we adam mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça ýöriteleşen guramadyr. Bu gurama 20-den gowrak ýurtda işjeň hereket edip, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, mugallymlary taýýarlamaga we inklýuziw bilim gurşawyny döretmäge aýratyn üns berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň