Umumybilim berýän orta mekdepleriň XI synpy üçin «Dünýä taryhy» okuw kitaby (awtorlary: J.Hatamow, J.Gurbangeldiýew) neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Okuw kitabynda XX-XXI asyrlardaky dünýä taryhynyň 1946-njy ýyldan 2000-nji ýyla çenli wakalaryny öz içine alýan maglumatlar beýan edilýär. Degişli taryhy döwürde Ikinji jahan urşundan soňky dikeldiş işleri, dünýäniň biri-birine gapma-garşy syýasy ulgamlary, halkara gatnaşyklaryň taryhy, aýry-aýry ýurtlaryň syýasy, ykdysady, medeni ösüşleri, ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň ösüşi, XX asyryň ahyryna çenli dünýäniň syýasy kartasynda bolup geçen özgerişler, dünýä ýurtlarynyň ösüş aýratynlyklary, olaryň umumadamzat ösüşine goşan goşantlary we başga-da ençeme meseleleriň esaslary açylyp görkezilýär.
Okuw kitabynda XX asyryň ahyrlarynda bolup geçen wakalara aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki bu döwürde dünýäde has uly üýtgeşmeler bolup geçdi.
Okuw kitabynda okuwçylaryň her bir temanyň maglumatlaryny özbaşdak özleşdirmekleri üçin ýardam berjek goşmaça maglumatlar, resminamalar, tablisalar girizilipdir. Olara degişli suratlar, kartalar ýerbe-ýer getirilipdir. Syýasy we döwlet baştutanlarynyň terjimehallary berlipdir.
Şeýle hem okuwçylara özbaşdak pikir ýöretmek üçin ýumuşlar hödürlenipdir. Dersara baglanyşyga ýardam berjek maglumatlar hem goşulypdyr diýlip, habarda bellenilýär.