Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Rostow» Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi bilen şertnama baglaşdy

15:4728.01.2025
0
27153

«Rostow» futbol kluby Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy – diýip, bu klubuň metbugat gullugy habar berýär.

«18 ýaşly hüjümçi biziň klubumyz bilen şertnama baglaşdy. Denis – Aşgabadyň çagalar-ýetginjekler Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň uçurymydyr. Ol Türkmenistanyň ýaşlar we ýetginjekler ýygyndylarynda çykyş edýär. Häzirki wagtda oýunçy «Rostow» klubynyň esasy topary bilen bilelikde BAE-de türgenleşik ýygnanyşyklarynda bolýar. Denisi mähirli garşylaýarys we biziň klubumyzyň düzüminde üstünlikler arzuw edýäris!» - diýlip, habarda bellenýär.

Şeýle-de okap bilersiňiz:

Denis Titow «Rostow» kluby üçin dostlukly duşuşykda ilkinji gezek çykyş etdi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň