Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dor Bedew» kompaniýasy Aşgabatda ýangyna durnuklylyk synag merkeziniň gurluşygyny tamamlady

14:4828.01.2025
0
22675

«Dor Bedew» hojalyk jemgyýeti Aşgabatda häzirki zaman ýangyna durnuklylyk synag merkeziniň gurluşygynyň taslamasyny tamamlady. Türkmenistanyň ýangyn howpsuzlygy ulgamyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen gurlan bu desga kompaniýanyň tejribeli inžerleriniň we gurluşykçylarynyň bilelikdäki tagallalarynyň netijesi boldy.

Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň binalar toplumynyň düzümine girýän bu desganyň netijesinde, täze binalaryň we desgalaryň howpsuzlyk derejesi ep-esli ýokarlanar. Merkez gurluşyk serişdeleriniň we desgalarynyň ýangyn howpsuzlygy boýunça iň ýokary standartlara laýyk gelmegini üpjün edip, takyk we ygtybarly synag geçirmäge mümkinçilik berer.

«Dor Bedew» gurluşyk kompaniýasy bu çylşyrymly taslamany üstünlikli durmuşa geçirmekde ýokary ussatlyk we tejribe görkezdi. Kompaniýanyň hünärmenleri öňde goýlan wezipeleri gysga wagtda we ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Ýangyna durnuklylyk synag merkeziniň gurluşygy kompaniýanyň Türkmenistanyň gurluşyk hyzmatlary bazarynda üstünlikli iş alyp barýandynyň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň