Harbin şäherinde şu ýyl geçjek Gyşky Aziýa oýunlarynyň tumarlary iki sany amur gaplaňy – Binbin we Nini boldy diýip, «rg.ru» habar berýär.
Olaryň atlary «Harbine hoş geldiňiz» diýen jümle bilen sazlaşykly ýaňlanýar. Oýunlaryň şygary – «Gyş barada arzuw, Aziýada söýgi». Ýaryşlaryň nyşanynda konkide typyjylar we Harbiniň nyşany bolan siren güli şekillendirildi.